“Türkiýe NATO-nyň serhetlerini goramakda möhüm pozisiýa eýeleýär”

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg alýansa girýän ýurtlardan hiç haýsynyň Türkiýe ýaly terror hüjümlerine garşy göreşmeýändigini aýtdy

955315
“Türkiýe NATO-nyň serhetlerini goramakda möhüm pozisiýa eýeleýär”

Ýens Stoltenberg Gollandiýanyň Parlamentiniň Daşary işler ministrliginiň toparynyň maslahatynda halk deputatlarynyň soraglaryna jogap berdi.

Terrora garşy alyp barýan ünsi çekip Türkiýä düşünjelilik bilen çemeleşilmelidigini nygtan Stoltenberg: “NATO agza ýurtlaryň hiç haýsynyň şeýle köp terror hüjümine garşy göreşmeýändigini ýatdan çykarmalyň. Türkiýe NATO-nyň serhetlerini goramakda möhüm pozisiýa eýeleýär. Türkiýä iňňän möhüm hyzmatdaşlarymyzdan biri” diýdi.

Maslahatdan soň hökümetiň kabulhanasynda Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte bilen metbugat ýygnagyny geçiren Stoltenberg grek habarçysynyň Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky dartgynlyk baradaky soragana: “İki ýurt hem hormatly hyzmatdaş. Goňşular hökmünde öz aralarynda ylalaşsynlar. Öz aralarynda gepleşikler geçirmeklerine begendim. NATO-nyň bu meselä goşulmagymyz netijesiz bolar” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar