Russiýada harby dik uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 2 uçarman ýogaldy

Ka-29 kysymly harby uçar Baltika deňzinde gaçdy

950605
Russiýada harby dik uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 2 uçarman ýogaldy

Russiýanyň Kaliningrad şäherinde Ka-29 kysymly harby  dik uçaryň uçuş synagyny geçirýärkä heläkçilige uçramagy netijesinde 2 uçarman ýogaldy.

Rus Baltika  deňiz flodyndan berlen beýanata görä, Ka-29 kysymly harby uçar Baltika deňzinde gaçdy.

Beýanatda dik uçar heläkçiliginde 2 uçarmanyň ýogalandygy nygtaldy.

Beýanatda uçuşyň adaty howa şertlerinde amala aşyrlandygyna üns çekildi.

1980-njy ýyllaryň başynda rus Kamow firmasy tarapyndan öndürlen Ka-29 kysymly dik uçarlar, harby gämilere aňsatlyk bilen gonmak we uçmak hem-de şol gämilere ýük daşamak üçin taýarlandy.

 

 



Degişli Habarlar