Russiýa Türkiýe beriljek S-400 ulgamlary bilen bagly beýanat berdi

Wladimir Kožin ulgamlaryň 2019-njy ýylyň ortasynda iberiljekdigi bilen bagly habarlary bolsa tassyklamady

950696
Russiýa Türkiýe beriljek S-400 ulgamlary bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň harby we tehniki hyzmatdaşlykdan jogapkär orunbasary Wladimir Kožin Türkiýä S-400 raketa goranyş ulgamlaryny 2019-njy ýylyň ahyrynda iberjekdiklerini belledi.

Metbugat işgärleriniň Türkiýä S-400 ulgamlarynyň haçan iberilmäge başlanjakdygy bilen bagly soragyna Kožin: “2019-njy ýylyň ahyryna ibereris” diýip habar berdi.

Wladimir Kožin ulgamlaryň 2019-njy ýylyň ortasynda iberiljekdigi bilen bagly habarlary bolsa tassyklamady.



Degişli Habarlar