Putin Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Putin bilen Merkeliň telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň Duma etrabynda guralan himiki ýarag hüjümi we Ukraina krizisi hakynda pikir alyşdy

947884
Putin Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kreml tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Putin bilen Merkeliň telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň Duma etrabynda guralan himiki ýarag hüjümi we Ukraina krizisi hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýanatda “Russiýanyň himiki ýarag hüjümi meselesindäki prowakasiýalaryň kabul edilip bilinmejekdigine ünsi çekendigi” bellenildi.

Beýanatda Putininiň halkara jemgyýetçiliginiň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2401 belgili kararyna laýyklykda Siriýadaky asuda ilata ynsanperwer kömeginiň berilmegi işleriniň depgininiň güýçlendirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekendigi nygtaldy.

Iki kärdeşiň telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirilýän soňky wakalar barada hem pikir alyşandygy ýatladyldy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar