Putin Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Wladimir Putin Emmanuel Makron bilen Siriýa meselesi barada pikir alyşdy

945990
Putin Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Siriýa meselesi barada pikir alyşdy.

Kreml tarapyndan berlen beýanatda Putiniň Makron bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Ankarada Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň lideriniň gatnaşmagynda geçirlen Siriýa maslahaty barada kärdeşine maglumat berendigi nygtaldy.

Beýanatda Putin bilen Makronyň telefon söhbetdeşliginde Gündogar Gutadaky ýagdaý, asuda ilatyň göçürilmegi we ýaragly terrorçylaryň sebitden çykarylmagy barada pikir alyşandygy bellenildi.

Beýanatda rus tarapynyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2401 belgili kararyna laýyklykda Siriýada asuda ilata ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin halkara tagallalaryň güýçlendirilmegine ünsi çekendigi ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar