Siriýanyň hökümeti ýurtdan gitmäge mejbur bolanlaryň emlaklerini döwlet haýryna geçirer

Siriýanyň hökümeti ýaňadandan dikeldiljek ýerler barada kanun taýarlady

945983
Siriýanyň hökümeti ýurtdan gitmäge mejbur bolanlaryň emlaklerini döwlet haýryna geçirer

“10 belgili” atlandyrylýan kanuna görä gozgalmasyz emlägi bolan adamlar 30 günüň dowamynda döwletnamalaryny degişli edaralaryň garamagyna hödürlärler. Eger özleri getirip bilmeýän bolsalar, hossarlaryna wekilçilik bererler.

Şeýlelikde hökümet asuda ilata emläk eýeçiligini gorap saklama şertini döredýän ýaly görünýän hem bolsa, esasy maksat duşman hasaplanylýan adamlaryň terk eden emläklerini ellerinden almak.

Eýsem ýurduň tas ähli etraplarynda hökümetiň birnäçe ýyldan bäri gabaw astynda tutýan, ilatyny basyşlar sebäpli göçmäge mejbur eden ýerleri bar.

Emläk eýeleri we olaryň garyndaşlary goňşy ýurtlara gitmeli boldy ýa-da mejbury göçürlişikler sebäpli Siriýanyň demirgazygyna, umuman oppozisiýanyň gözegçiligindäki ýerlere ugradyldy.

Emläk beýanyny berip biljek adamyň galmadyk ýerlerinde, emläk eýeleriniň wekilçilik berjek garyndaşlary hem ýok.

Kanuny beýleki bir kemçilikli tarapy bolsa 30 günlük möhletiň diýsen gysga bolmagy. Şol möhletde daşary ýurda ýa-da ýurduň başga bir etrabyna göçmäge mejbur bolan adamlaryň haýsydyr bir resminama almagy, 7 ýyldan bäri uruşda bolan ýurduň resmi edaralaryna bermegi hem mümkin däl.

 



Degişli Habarlar