Russiýa Britaniýa bir aý möhlet berdi

Russiýa Britaniýanyň Russiýadaky diplomatlarynyň sanyny Britaniýadaky rus diplomatlarynyň sanyna deňleşdirmek üçin Londona bir aý möhlet berdi

941179
Russiýa Britaniýa bir aý möhlet berdi

Bu karar resmi Londonyň we hyzmatdaşlarynyň ozalky rus içalynyň Britaniýada zäherlenmegi sebäpli Russiýa garşy sanksiýa kararyna jogap hökmünde kabul edildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Britaniýanyň Russiýadaky ilçisi Lauri Bristowyň ministrlige çagyrylmagynyň sebäbi barada berilen beýannamada iňlis ilçisine Londonyň “proaktiw aksiýalary” sebäpli protest notasynyn berilendigi nygtalýar.

Beýannama görä Bristowa Russiýadaky diplomatlaryn sanyny Russiýanyň Britaniýadaky diplomatlarynyň sanyna deňlemegi üçin Londona 1 aý möhlet berilendigi barada maglumat berildi.


Etiketkalar: #Russiýa , #London , #Britaniýa

Degişli Habarlar