Russiýanyň Kemerowo şäherindäki ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň Kemerowo şäherindäki “Zimnýaýa Wişnýa” söwda merkezinde bolan ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

937337
Russiýanyň Kemerowo şäherindäki ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Düýn günortan ýüze çykan ýangynda ýogalan adamlaryň sany 64-e ýetdi.

Russiýanyň Derňew komitedi ýogalanlaryň 41-iniň söwda merkeziniň içindäki kinoteatrdaky çagalardan ybaratdygyny habar berdi.

10 çaga häzire çenli tapylmady.

12 sagat soň gözegçilik astyna alynan ýangynda zyýan çeken 10 adamyň hassahanalardaky bejergileri bolsa dowam edýär.

Ýangynyň başlan dükanyň kireýçisi we söwda merkeziniň dolanşyk müdüri bilen birlikde 4 adam göz tussaglygyna alyndy.


Etiketkalar: #Kemerowa , #Russiýa , #ýangyn

Degişli Habarlar