ABŞ bilen birlikde ÝB-ne agza 14 ýurt rus diplomatlaryny ýurtdan çykarýar

Russiýa hem ABŞ-nyň kararyna jogap bermekde gijä galmady

937993
ABŞ bilen birlikde ÝB-ne agza 14 ýurt rus diplomatlaryny ýurtdan çykarýar

 

Britaniýa bilen Russiýanyň arasyndaky içaly krizisi çuňlaşýar.

ABŞ bilen birlikde ÝB-ne agza 14 ýurt rus diplomatlaryny ýurtdan çykarjakdyklaryny habar berdi.

ABŞ ozalky rus içalysy Sergeý Skripalyň Britaniýada zäherlenmegi sebäpli Britaniýa goldaw berýändiklerini görkezmek üçin 60 rus diplomadynyň ýurtdan çykarylmagy barada karar alandyklaryny habar berdi.

60 diplomatdan 48-niň Russiýanyň Waşingtondaky ilçihanasynda, galanlarynyň bolsa merkezi Nýu Ýorkda ýerleşýän BMG-da işleýän gullukçylardan ybaratdygy nygtaldy.

Mundan başgada Russiýanyň Seattle konsullygy hem ýapylar.

ABŞ-nyň rus diplomatlarynyň ýurdy terk etmekleri üçin 7 gün möhlet berendigi öňe sürülýär.

Russiýa hem ABŞ-nyň kararyna jogap bermekde gijä galmady.

Resmi Moskwa Amerikaly azyndan 60 diplomadyň ýurtdan çykaryljakdygyny mälim etdi.

ABŞ-dan soň Germaniýa 4 rus diplomadyň şu gün ýurtdan çykarlandygyny habar berdi.

Ukraina 13, Polşa 4, Fransiýa 4, Latwiýa 3, Çehiýa 3, Gollandiýa 2, Daniýa 2, Estoniýa 1, Litwa hem 1 rus diplomadyň ýurtlaryny terk etmegini isledi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk ÝB-ne agza 14 ýurduň rus diplomatlarynyň ýurtdan çykarylmagy barada karar kabul edendigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar