Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň teklibini kabul etdi

Günorta Koreýanyň Birleşme ministrligi Demirgazyk Koreýa we Günorta Koreýa degişli wekiliýetleriň 29-njy martda duşuşyk geçirjekdigini habar berdi

937008
Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň teklibini kabul etdi

Günorta Koreýanyň Birleşme ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä Demirgazyk Koreýanyň Parahatçylykly ýaňadandan birleşme komitediniň başlygy Ri Son-Gwonyň ýolbaşçylygyndaky 3 adamdan ybarat wekiliýet 29-njy martda serhetdäki Panmynçžon obasynda Günorta Koreýanyň resmileri bilen duşuşar.

Ministrlik tarapyndan mesele bilen bagly berilen beýanatda: “Şu gün irden Panmynçžondaky aragatnaşyk kanallaryň üsti bilen Demirgazyk Koreýadan Koreýa bilen baglanşykly ýokary derejeli gepleşikler geçirmek baradaky teklibimiziň tassyklamasyny aldyk” diýildi.



Degişli Habarlar