Putin 56 million 430 müň 712 saýlawçynyň sesi bilen ýaňadandan prezidentlige saýlandy

Putin saýlawda özüne berlen 76 göterimden gowrak goldawyň ýurduň taryhyndaky iň ýokary derejedigine ünsi çekdi

936209
Putin 56 million 430 müň 712 saýlawçynyň sesi bilen ýaňadandan prezidentlige saýlandy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir ýekşenbe güni geçirlen saýlawda sesleriň 76,69 göterimini alyp ýaňadandan saýlandy.

Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezident saýlawynyň resmi netijesini beýan etdi.

Saýlawyň resmi netijesine görä, Putin 56 million 430 müň 712 saýlawçynyň sesi bilen ýaňadandan prezidentlige saýlandy.

Putiniň iň ýakyn bäsdeşleri Komunist partiýasynyň dalaşgäri Pawel Grudinin sesleriň 11,77 göterimini, Liberal demokrat partiýanyň dalaşgäri Wladimir Žirinowskiý hem sesleriň 5,65 göterimini aldy.

Prezident Putin saýlawyň resmi netijeleriniň belli bolmagyndan soň eden çykyşynda halka sag bolsun aýtdy.

Putin saýlawda özüne berlen 76 göterimden gowrak goldawyň ýurduň taryhyndaky iň ýokary derejedigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar