Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 11 esger ýogaldy

Hüjümde şeýle hem asuda ilatdan 9 adam ýaralandy

935325
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 11 esger ýogaldy

Nigeriýanyň demirgazyk-günbatarynda guralan ýaragly hüjümde 11 esger ýogaldy, asuda ilatdan 9 adam ýaralandy.

Kaduna ştatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Samuel Aruwan ştatyň Doka we Maganda obalarynda ýaragly hüjümçileriň howpsyzlyk güýçlerine degişli bi baza hüjüm gurandygyny habar berdi.

Aruwan hüjümde jemi 11 adamyň ölendigini, 9 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Howpsyzlyk güýçleri geçen hepde geçiren operasiýada ýol kesýän ýaragly toparlaryň liderini öldüripdi.

Ýaragly toparlaryň agzalarynyň liderlerleriniň aryny almak üçin esgerlere hüjüm gurandygy beýan edildi.


Etiketkalar: #Nigeriýa , #esger , #hüjüm , #hepde

Degişli Habarlar