Dünýä belli iňliz fiziği Stefan Hoking 76 ýaşynda aradan çykdy

Hokingiň hossarlarynyň beren beýannamasynda Kemriçdäki öýünde säher çagy ýogalandygy habar berildi

929368
Dünýä belli iňliz fiziği Stefan Hoking 76 ýaşynda aradan çykdy

Meşhur fizigiň dünýeden ötendigini çagalary Lusi, Timoti we Robert habar berdi. Çagalarynyň adyndan berilen bilelikdäki beýannamada: “Kakamyzyň ýogalmagyna çuňňur gynanýarys. Ol beýik alymdy” diýilýär.

Hawking amiotrofik lateral skleroz (ALS) sebäpli bedeniniň tas hiç bir ýerini hereketlendirip bilmeýärdi, emma özi üçin ýörite düzülen kompýuter ulgamy arkaly aragatnaşyk saklaýardy. Kompýutere ýanaklaryndan biri bilen görkezme berýän Hawking şeýlelikde günde 2,5 müňe golaý söz bilen aragatnaşyk saklap, ylmy barlaglaryny dowam etdirýärdi.

Hoking kuantum fizikasy we gara deşikler boýunça geçiren giň gerimli işleri bilen tanalýardy.

Hoking geçen ýyl “BBC-ä” beren interwýusynda 75 ýaşyna çenli ýaşaryn öýtmändigini, tejribesini alyşmakdan diýseň hoşaldygyny aýdypdy.

21 ýaşyndaka özüne motor neýron hassalygy diagnozynyň goýulandygyny we 2-3 ýyl ýaşajakdygyny aýdandyklaryny gürrüň beren Hoking, şondan 54 ýyl soň has ejiz we tigirli oturgyçda oturýandygyna garamazdan entegem işleýändigi, ylmy makalalar ýazýandygyny beýan edipdi.

Albert Aýnştaýndan soň iň uly ägirt hökmünde kabul edilýän meşhur fizik 03.14 görnüşide ýazylýandygy sebäpli Bütindünýä P güni bolan 14-nji martda dünýeden ötdi.

Hokingiň durmuşy barada 2015-nji ýylda “Ähli zadyň teoriýasy” atly kino-film surata alynypdy.



Degişli Habarlar