Eýranda ýere gaçan uçaryň ýogalan ýolagçylarynyň aglabasy tapyldy

Eýranyň günorta-günbatarynda Başaran Holding kompaniýasyna degişli hususy türk uçarynyň ýere gaçmagy netijesinde ýogalan adamlaryň 8-siniň jesedi tapyldy

927394
Eýranda ýere gaçan uçaryň ýogalan ýolagçylarynyň aglabasy tapyldy

Eýranyň IRNA habarlar agentligine beýanat beren Çaharmahal we Bahtiýari welaýatlarynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Gözleg we halas edijiler toparynyň başlygynyň orunbasary Ryza Zahiri gije ýerli wagt bilen sagat 03:00-da gözleg we halas ediji toparlaryň wakanyň bolan ýerine barandyklaryny, alpinistlerden ybarat toparyň 8 adamyň jesedini tanandyklaryny habar berdi.

Ryza Zahiri 2 adamyň jesediniň ýanyk we böleklere bölünme sebäpli tanalmandygyny, 1 adamyň jesediniň bolsa entek tapylmandygyny mälim etdi.

IRNA habarlar agentligine beýanat beren Kiýar etrabynyň Krizis bölüminiň müdüri Kademali Merdani BAE-den uçan we Stambula barýan kiçi ýolagçy uçaryň ýurdyň günorta-günbataryndaky Çaharmahal we Bahtiýari welaýatynyň Kiýar etrabyna gaçandygyny we uçardaky 3 ekipaž, 8 ýolagçy jemi 11 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Wakadan ozal tehniki näsazlyk barada maglumat beren we gonmak üçin rugsat islän uçardaky 8 ýolagçy işewür adam Başaranyň gyzy bilen gyzynyň joralaryndan ybaratdy.


Etiketkalar: #Eýran , #IRNA , #uçar , #jeset

Degişli Habarlar