Eýranyň 97 göterimi guraklygyň täsiri astynda

Eýranyň Milli guraklyk we metralogiýa krizis dolanşygy merkeziniň başlygy Şahruh Fatih ýurduň 97 göteriminiň guraklygyň täsirini astyndadygyny mälim etdi

920517
Eýranyň 97 göterimi guraklygyň täsiri astynda

Şahruh Fatih Eýranly talyplar habarlar gullugy ISNA beren beýanatynda guraklygyň ýurtda barha ýaýbaňlanýandygyny aýtdy.

Esasan Huzistani İlam, Buşehr, Kohgilue we Buer Ahmed, Fars, Sustan-Beluçistan, Günorta Horasan, Demirgazyk Horasan, Horasani Rezewi, İspihan we Zenjan welaýatynda guraklygyň barha ýaýbaňlanýandygyny aýdan Fatih, guraklyga garşy göreşde suwyň tygşytly ulanylmagyna uly ähmiýet berilmelidigini belledi.

Eýrandaky guraklyk suw çeşmeleriniň azlygy we howanyň hapalygy ýaly ýurtdaky esasy meseleleriň başynda gelýär.

Ýurda uzak ýyllardan bäri dowam edýän guraklyk sebäpli taryhy Urumiýe kölü gurady.

Hökümet bu meseläniň çözülmegi üçin ýörite taslamalaryň üstünde işleýär emma heniz anyk işe girişilmedi.

 


Etiketkalar: #Eýran , #guraklyk , #köl , #mesele , #taslama

Degişli Habarlar