Ispaniýanyň Premýer ministri Tunisde saparda boldy

Ispaniýanyň Premýer ministri Mariano Rahoý Tunise guran 1 günlik saparynda kärdeşi Ýusuf Şahid bilen duşuşdy

919077
Ispaniýanyň Premýer ministri Tunisde saparda boldy

Rahoý we tunisli kärdeşi Şahid ýurdyň paýtagtynda geçiren ikiçäk duşuşyklaryndan soň, umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdylar.

Ýurdunyň ykdysady kynçylyklary bilen göreş alyp barýan Tunisdäki kiçi we orta ululykdaky kärhanalara 25 million ýewrolyk kredit berjekdiklerini aýdan Rahoý guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşine we Tunisiň demokratik geçiş etabyna goldaw berjekdikleri barada söz berdiler.

Tunisiň Premýer ministri Şahid bolsa iki ýurdyň howpsyzlyk we harby hyzmatdaşlygyny güýçlendirip, terrora we hetdenaşa düşünjelere garşy göreşjekdiklerini belledi.

Tunis bilen Ispaniýanyň arasynda howpsyzlyk, jenaýatlara garşy göreş, aragatnaşyk tehnologiýalary, hünär bilimleri, ýokary okuw, zenanlara garşy jenaýat bolmak bilen jemi 8 aýry ugur boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişildi.

Tunisde 2017-nji ýylyň iýul aýynda zenanlara garşy islendik jenaýaty we jynsy hereketleri jezalandyrmak maksady bilen taýarlanan kanun taslamasy parlamentde sesleriň köplügi bilen kabul edildi.



Degişli Habarlar