Hytaý ýadro ýangyçly uçar gämisini gurmagy meýilleşdirýär

Bu barada “Global Taýms” gazetiniň habarynda mälim edilýär

919981
Hytaý ýadro ýangyçly uçar gämisini gurmagy meýilleşdirýär

Hytatýyň Kommunist partiýasynyň resmi neşirýaty bolan “Global Taýms” gazetiniň döwlet goranyş firmasy “China Shipbuilding İndustry Corporationa” (CSİC) esaslandyrýan habarynda, firmanyň ýadro ýangyçly uçar gämisini, döwrebap atom deňiz asty gämisini we uçarmansyz garşy howpsyzlyk deňiz ulaglary boýunça möhüm tehnologiýalar boýunça işleriň depginini güýçlendirmegi meýilleşdirýändigini beýan edilýär.

Firmanyň ýadro ýangyçly uçar gämisi barada giňişleýin maglumat bermändigi barada aýdylýan habarda, döwlet firmalaryndan biriniň ýadro ýangyçly uçar gämisi barada açyk maglumat bermegine üns çekildi.

Hytaýyň häzirki wagtda biri harby goşunyň inwentaryna beýlekisi bolsa gurluşygy dowam edýän iki sany uçar gämisi bar.

Ýurduň ilkinji uçar gämisi Sowet önümi bolan Liaoning Ukrainadan getirilip, 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda Hytaýyň Halk Azat Edijilik Goşunynyň inwentaryna degişli edilipdi.

Ýurduň dolulygyna ýerli şertlerde öndüriljek ikinji uçar gämisi 001A bolsa geçen ýyl aprep aýynda dabara bilen deňize düşürilipdi.

Agramy 50 müň tonna barabar bolan 001A-nyň 2020-nji ýyldan ozal tamamlanyp, goşunyň inwentaryna goşulmagy meýilleşdirilýär.

Hytaý bilen birlikde dünýä 6 ýurduň goşun inwentarynda uçar gämisi bar.


Etiketkalar: #Hytaý , #ýadro , #ýangyç , #gämi

Degişli Habarlar