Fransiýanyň Prezidenti Makron ABŞ-da saparda bolar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron aprel aýynyň 23-25-i aralygynda ABŞ-da saparda bolar

919385
Fransiýanyň Prezidenti  Makron ABŞ-da saparda bolar

 

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda Makronyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygyna laýyklykda aprel aýynyň 23-25-i aralygynda Waşingtona gitjekdigi nygtaldy.

Makronyň saparynyň Trampyň prezidentlige saýlanmagyndan soň ABŞ-na guraljak ilkinji döwlet sapary boljakdygy nygtaldy.

2017-nji ýylyň 20-njy ýanwarynda ABŞ-nyň Prezidenti kürsüsine oturan Tramp şol günden soň Makrony ilkinji resmi döwlet sapary bilen garşylar.

Wezipesiniň birinji ýylynda birnäçe lider bilen Ak Tamda duşuşan Tramp, Amerikanyň özünden ozalky prezidentleriniň tersine, wezipesiniň birinji ýylynda “resmi döwlet sapary” çäginde duşuşyk geçirmändi.

 



Degişli Habarlar