Meksikanyň Prezidenti ABŞ saparyny goý bolsun etdi

Meksikanyň Prezidenti Enrike Pena Nieto ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde gahary gelip, bu ýurda gurajak saparyny goý bolsun etdi

918561
Meksikanyň Prezidenti ABŞ saparyny goý bolsun etdi

Tramp bilen Nietonyň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde ABŞ-Meksika serhedine örülmegi meýilleşdirilýän diwar sebäpli dartgynlyk başdan geçirildi.

Takmynan 50 minut dowam eden telefon söhbetdeşliginde Nieto Trampyň serhede örmegi meýilleşdirilýän diwaryň çykdajysynyň Meksika tarapyndan çykarylmazlygyny kabul etmegini isledi.   

Emma Tramp oňa garşy boldy.

Ak Tam tarapyndan berilen beýanatda iki lideriň sapar üçin laýyk bir wagt bolmandygyny tassyklandyklary habar berildi.  

ABŞ-nyň we Meksikanyň wekilliýetleriniň bolsa bilelikde işleşmegini dowam etdirjekdikleri bellendi.

Tramp saýlaw kampaniýasynda bikanun geçişleriň öňüniň alynmagy üçin Meksika serhedine diwar örüljekdigini we çykdajysynyň Meksika tarapyndan beriljekdigini nygtapdy.



Degişli Habarlar