Putin egindeşleri bilen Gündogar Guta barada pikir alyşdy

Putin Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary bilen Gündogar Guta barada pikir alyşdy

918643
Putin egindeşleri bilen Gündogar Guta barada pikir alyşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary bilen Siriýanyň paýtagty Damaskyň Gündogar Guta etrabynda başdan geçirilýän soňky wakalar barada pikir alyşdy.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Gündogar Gutada terrorçylaryň guraýan hüjümlerine alada bildirilýändigini aýtdy.

Peskowyň beýanatyna görä, Putin bilen egindeşleri BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň şenbe güni kabul eden halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin Siriýada hüjümleriň bes edilmegi barada çagyryş berilýän 2401 belgili kararyň ýerine ýetirilmeginin möhümdigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar