Guterreş hüjümleriň bes edilmegini talap edýän karara hoşallyk bildirdi

Guterreş Siriýada azyndan 30 gün möhlet bilen hüjümleriň bes edilmegini talap edýän karara hoşallyk bildir

917624
Guterreş hüjümleriň bes edilmegini talap edýän karara hoşallyk bildirdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararynyň çäginde Siriýada halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin kararyň gyssagly güýje girmegi çagyryşyny berdi.

BMG-nyň Baş sekretarlygyndan berlen beýanatda Guterreşiň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýada azyndan 30 gün möhlet bilen hüjümleriň bes edilmegini talap edýän karara hoşallyk bildirilýändigi nygtaldy.

Guterreş Siriýa ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we ýagdaýy agyr bolan hassalaryň we ýaralananlaryň göçürilmegi üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hüjümleriň bes edilmegi baradaky kararynyň gyssagly güýje girmegi çagyryşyny berdi.

Taraplara halkara hukugyna laýyklykda hereket edilmegi, asuda ilatyň we infstrukturanyň goralmagy çagyryşyny hem beren Guterreş, terrora garşy göreşde ýokardaky jogapkärçiliklere üns berilmelidigini nygtady.

 


Etiketkalar: #BMG , #Baş sekretar , #hoşallyk

Degişli Habarlar