Yrak rus tanklaryny satyn aldy

Yrak Russiýadan 73 sany T90s kysymly tank satyn aldy

914193
Yrak rus tanklaryny satyn aldy

 

Yragyň Baş ştabynyň başlygy Osman Al Ganimi ýurdunyň Russiýadan geçen ýyl  73 sany T90s kysymly tank satyn alandygyny we şol tanklardan 36 sanysyny kabul edip alandyklaryny aýtdy.

Ganimi tanklaryň galan bölegini aprel aýynda kabul edip aljakdyklaryny belledi.

Geçen ýylyň ahyrynda DAIŞ-e garşy ýeňiş gazanandygyny habar beren Yrak, howpsyzlygyň ýola goýulmagy üçin goranyş senagaty taýdan kemçiliklerini ortadan aýyrmak üçin tagalla edýär.

 

 


Etiketkalar: #tank , #satyn almak , #Russiýa , #Yrak

Degişli Habarlar