Makedoniýanyň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Makedoniýanyň Prezidenti Gyorge Iwanow Prezident R.T. Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Türkiýä resmi sapar gurar

912874
Makedoniýanyň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanatda Makedoniýanyň Prezidenti Gyorge Iwanowyň Türkiýä sapar gurajakdygy beýan edildi.

Iwanowyň Prezident R.T. Erdoganyň çakylygyna laýyklykda 20-nji fewralda sişenbe güni sapar gurajakdygy aýan edilen beýanatda: “Saparyň çäginde geçiriljek duşuşykda Türkiýe bilen Makedoniýanyň arasynda kämil derejede bolan gatnaşyklaryň has hem özgerdilmegi bilen iki ýurt we bütin Balkan ýurtlary üçin asudalyk, parahatçylyk we galkynyş ýolunda edilip bilinjek umumy ädimleriň ele alynmagyna garaşylýar” diýildi.



Degişli Habarlar