Siriýaly oppozisionerler DAIŞ bilen bolan çaknyşyklarda 400 terrorçyny ýesir aldy

“Basyp alyjylary yza serpikdirmek” atly operasiýa gatnaşan Siriýaly 12 oppozision topar DAIŞ-iň Idlib şäherine girmeginiň öňüni aldy

910279
Siriýaly oppozisionerler DAIŞ bilen bolan çaknyşyklarda 400 terrorçyny ýesir aldy

 

Siriýaly oppozisionerler Asada tabynlykdaky güýçleriň açan koridory bilen Idlib şäherinde çaknyşyksyz zolaga girmäge çalşan terror guramasy DAIŞ bilen bolan çaknyşyklarda 400 terrorçyny ýesir aldy, birnäçe terrorçyny hem täsirsiz ýagdaýa getirdi.

“Basyp alyjylary yza serpikdirmek” atly operasiýa gatnaşan Siriýaly 12 oppozision topar DAIŞ-iň Idlib şäherine girmeginiň öňüni aldy.

Oppozisionler Idlibiň günortasynda we gündogarynda köp sanly DAİŞ-li terrorçyny öldürdi.

Oppozisionerleriň bilelikdäki goşunynyň metbugat geňeşçisi Naji Abu Huzeýfe, Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astyndaky etrapçalardan İdlibe girmäçe çalşan DAIŞ-e garşy başladylan operasiýanyň dowam edýändigini aýtdy.

Abu Huzeýfe şäheriň günortasynda we gündogarynda 80-i ýaraly DAIŞ-e agza 400 terrorçyny ýesir alandyklaryny aýtdy.

Abu Huzeýfe şäheriň günorta gündogarynda ýerleşýän Um Halahil, Huweýin we Ard Zerzur obalaryny hem yzyna alandyklaryny ýatlatdy.

Çaknyşyklarda İdlibe girip bilmedik we agyr ýitgi çeken DAIŞ-iň ruhy taýdan çökmäge başlandygy nygtaldy.

Asada tabynlykdaky güýçler bilen DAIŞ birnäçe wagtdan bäri Siriýanyň Idlib şäherinde çaknyşyksyz zolakda oppozisionerlere garşy göreşmek üçin hyzmatdaşlyk edýär.



Degişli Habarlar