Demirgazyk Koreýanyň lideri Günorta Koreýanyň Döwlet baştutanyny ýurduna çagyrdy

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýong Un Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Moon Žae İni ýurduna çagyrdy

907812
Demirgazyk Koreýanyň lideri Günorta Koreýanyň Döwlet baştutanyny ýurduna çagyrdy

 

 

Ýonhap habarlar gullugynyň berýän habaryna göra, Phençan şäherinde geçirilýän Gyşky olimpiada oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Günorta Koreýa giden Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kimiň aýal dogany Kim Ýo bilen Moon paýtagt Seuda Prezident köşgünde duşuşdy.

Günorta Koreýanyň Prezident Moonyň metbugat geňeşçisi mesele barasynda beren beýanatynda Kimiň aýal doganynyň Demirgazyk Koreýanyň lideriniň çakylygyny Moona gowşurandygyny aýtdy.

Kimiň çakylygyna laýyklykda Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Moon, Demirgazyk we Günorta Koreýanyň gepleşik geçirmegi üçin amatly şertiň döredilmelidigini nygtady.

Moon mundan başgada ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky dialogyň ýaňadandan başlamalydygyny nygtady.

 

 

 



Degişli Habarlar