Gündogar Gutada 10 müň 400 adam gyssagly kömege garaşýar

Siriýada Başar Asadyň gabawy astyndaky Gündogar Gutada 10 müň 400 adam gyssagly kömege garaşýar

906640
Gündogar Gutada 10 müň 400 adam gyssagly kömege garaşýar

Gündogar Gutada 4100-den gowrak adam ýerasty gaçybatalgalarda iň agyr şertlerde ýaşaýar.

Merkezi Wenada ýerleşýän Halkara ynsanperwer kömek jemgyýeti Gündogar Gutadaky ýagdaýa ünsi çekýän ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda bu ýagdaýyň esasan çagalaryň arasynda birnäçe hassalyga sebäp bolandygy nygtaldy.

Hüjümler sebäpli şäherdäki 34 mekdebe zeper ýetirlendigi, 11-niň hatardan çykandygy, 10 mugallymyň ýogalandygy, 16 mekdebiň ýaralanandygy ýatladyldy.

253 mekdepde okuwlara arakesme berlendigi bellenildi.

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň lideriniň gatnaşmagynda 2017-nji ýylyň maý aýynyň 3-4-i aralygynda Astanada geçirlen maslahatda Gündogar Guta çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilipdi emma muňa garamazdan hüjümler dowam edýär we 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 29-dan soň hüjümler has-da möwjedi



Degişli Habarlar