ABŞ Owganystanda Talibanyň tälim düşelgesini bombalady

NATO-nyň çäginde iş alyp barýan Amerikan güýçleri Owganystanda Talibanyň tälim düşelgesini B-52 kysymly bombardyman uçary bilen bombalady

905356
ABŞ Owganystanda Talibanyň tälim düşelgesini bombalady

Amerikan güýçlerinden berlen beýanatda ýurduň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Badahşan welaýatynyň Hytaý we Täjigistan serhedindäki terror düşelgeleriniň nyşana alynandygy we serhediň terrorçylardan saplanmagynyň maksat edinilýändigi ýatladyldy.

Beýanatda hüjümde Talibanyň elindäki ulaglaryň hatardan çykarlandygy nygtaldy, emma näçe terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi barada maglumat berilmedi.

 


Etiketkalar: #NATO , #Owganystan , #beýanat , #Taliban

Degişli Habarlar