Tramp Taliban bilen parahatçylyk gepleşiginiň geçirilmegini islemeýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Taliban bilen parahatçylyk gepleşiginiň geçirilmegini islemeýändigini aýtdy

899810
Tramp Taliban bilen parahatçylyk gepleşiginiň geçirilmegini islemeýär

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary bilen iş naharynda duşuşan Tramp, Owganystanda soňky günlerde başdan geçirlen terrorçylykly hüjümler barada durup geçdi.

Hüjümi ýazgaran Tramp, “Zalymlyk bilen öz ynsanlaryny öldürýärler. Ýogalanlaryň esasy bölegi bi günä zenanlar we çagalar. Bu diýseň gorkunç ýagdaý. Biz terrory ýok ederis. Taliban bilen parahatçylyk gepleşiginiň geçirilmegini islemeýäris. Belki bir gün gepleşik geçirip bileris. Emma munyň üçin heniz ir”diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp awgust aýynda ýurdunyň alyp  barjak Günorta Aziýa stretagiýasy barada beýanat beripdi we Talibana garşy göreş üçin Owganystana ýene-de  3 müň amerikan esgeriniň ugradyljakdygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar