ABŞ-nyň metbugaty Amerikan hökümetiniň Siriýa syýasatyny tankyt edýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň meşhur gazetleri resmi Waşingtonyň Siriýa syýasatyny tankyt edýärler

899290
ABŞ-nyň metbugaty Amerikan hökümetiniň Siriýa syýasatyny tankyt edýär

New York Times gazedi: “ABŞ terrorçylar bilen bir tarapda” diýip ýazdy.

Washington Post bolsa ABŞ-nyň Siriýa syýasatynyň şowsyz bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.

New York Times gazedi Afrindäki terrorçylar bilen resmi Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklara ünsleri çekdi.

Afrindäki PKK/PÝD-ÝPG terror guramalaryna agza terrorçylaryň türk esgerlerine hüjüm guraýandygyny, Waşingtonyň bolsa NATO hyzmatdaşy bolan ýurda hüjüm guraýan terrorçylar bilen bir hatardadygyna ünsleri çekdi.

Gazet bu ýagdaýyň bolsa NATO agza iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary has hem dartgynlaşdyryp biljekdigini belledi.

Ýurdyň köp okalýan gazetleriň biri bolan Washington Post bolsa Donald Trampyň Siriýa syýasatyny tankyt etdi.

“Sebite garşy strategiýa kesgitlenmese ABŞ şowsuzlyga uçrar” diýip ýüzlenme beren gazet: “Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet Siriýada uzak möhletli bähbitleriniň bardygyny açyk ýagdaýda beýan etsede, ony anyk bir meýilnama bilen entek utgaşdyrmady. Waşingtonyň Siriýada häzirki borçnamasy ýeterlik derejede däl” diýip belleýär.



Degişli Habarlar