Mahmud Abbas Erdogany İýerusalime çagyrdy

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Prezident R.T.Erdogany “İýerusalim Yslam Dünýäsiniň Ýaşlarynyň Paýtagty 2018” çäresiniň abraýly myhmany hökmünde çagyrdy

897785
Mahmud Abbas Erdogany İýerusalime çagyrdy

Palestinanyň Ýaşlar we sport ministri Žibril Ražop beren beýanatynda Abbasyň Yslam Konferensiýasynyň Dialog we Hyzmatdaşlygynyň Ýaşlar forumy bilen iş ýüzüne geçirýän “İýerusalim Yslam Dünýäsiniň Ýaşlarynyň Paýtagty 2018” çäresiniň çäginde ýer eýesi hökmünde Prezident Erdogana çakylyk ugradandygyny aýtdy.

Ražoup Abbasyň çakylyk hatynda Erdogana Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde İýerusalim üçin eýe bolan insiatiwasy we halkara arenasynda beren içgin goldawy üçin minnetdarlyk bildirendigini nygtady.

 



Degişli Habarlar