Eýranyň dini lideri ýurtda bolan soňky wakalar bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý halkyň talaplary bilen bozgakçylyk edenlere tapawut goýmalydygyny belledi

885233
Eýranyň dini lideri ýurtda bolan soňky wakalar bilen bagly beýanat berdi

Hamaneý ýurdyň paýtagty Tährandaky bir dabarada eden çykyşynda resmilere halka gulak samaga we mümkin boldygy saýyn olaryň talaplaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Ali Hamaneý: “Daşary ýurtlaryň talaplaryny demonstrasiýa öwürmek oýunlaryny boşa çykardyk” diýdi.

Beýleki tarapdan bolsa 28-nji dekabrda başlan protestlerde ýurtda jemi 3700 adamyň göz tussaglygyna alynandygy habar berildi.

Eýranly deputatlaryň biri olaryň 40 bilen 70 göterim aralygyndakylaryň talyplardan ybaratdygyny mälim etdi.

Resmiler Arak we Tähranda göz tussaglygyna alynan 2 adamyň öz janlaryna kast edendigini habar berdi.



Degişli Habarlar