ABŞ bilen Günorta Koreýa 2018 Gyşky olimpiadalary sebäpli harby türgenleşige arakesme berer

Tramp bilen Günorta Koreýanyň Döwlet Baştutany Moon Jae telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

882392
ABŞ bilen Günorta Koreýa 2018 Gyşky olimpiadalary sebäpli harby türgenleşige arakesme berer

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Günorta Koreýanyň Döwlet Baştutany Moon Jae telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda Ak Tamdan berlen ýazmaça beýanatda iki lideriň Günorta Koreýada geçiriljek 2018 Gyşky olimpiadalaryň dowamynda howpsyzlygyň üpjün edilmegi maksady bilen bilelikdäki harby türgenleşige arakesme bermek barada ylalaşyk gazanandygy nygtaldy.

Beýantda Demirgazyk Koreýa howpyna garşy iki ýurduň arkalaşykly hereket etmäge dowam etjekdigi bellenildi

Ak Tamyň beýanatynda ABŞ-nyň Günorta Koreýada geçiriljek olimpiada oýunlaryna uly topar bilen gatnaşjakdygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar