Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň duşuşyk teklibini kabul etdi

Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň 9-njy ýanwarda duşuşmak barada beren teklibini kabul etdi

882110
Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň duşuşyk teklibini kabul etdi

 

Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň 9-njy ýanwarda duşuşmak barada beren teklibini kabul etdi.

Günorta Koreýanyň Birleşme ministrliginiň metbugat geňeşçisi Baek Tae-Hýun metbugata beren beýanatynda Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýanyň iki ýurduň resmi wekiliýetiniň duşuşmagy hakynda beren teklibini kabul edendigini aýtdy.

Baek 9-njy ýanwarda boljak duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy, iş toparlarynyň derejesi we geljek aý Günorta Koreýada geçiriljek 2018 gyşky olimpiada oýunlaryna Demirgazyk Koreýaly türgenleriň gatnaşmagy meselesiniň seljeriljekdigini belledi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýong Un 1-nji ýanwarda eden täze ýyl çykyşynda Günorta Koreýada geçiriljek olimpiadalara topar ugradyp biljekdigini we bu meselede resmi Seul bilen gepleşik geçirmäge taýardyklaryny aýdypdy.

Günorta Koreýanyň Birleşme ministrligi hem Demirgazyk Koreýa jogap hökmünde ady agzalýan olimpiadalaryň öňüsyrasynda Demirgazyk Koreýa ýokary derejeki gepleşigiň geçirilmegi üçin duşuşyk teklip edipdi.

 



Degişli Habarlar