Müsürde Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi ýene-de 3 aý uzadyldy

Sisiniň karary bilen ýurtdaky Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi 3-nji gezek uzadyldy

880700
Müsürde Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi ýene-de 3 aý uzadyldy

Müsürde Prezdent Abdulfettah As Sisi ýurtdaky Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhlediniň ýene-de 3 aý uzadylmagy hakyndaky karary tassyklady.

Müsüriň MENA resmi habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Prezident Sisi 13-nji ýanwardan başlap Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhlediniň ýene-de 3 aý uzadylmagy hakyndaky karary tassyklady.

Karara laýyklykda howpsyzlyk güýçlerine terrorçylara garşy herekete geçmek, terrora berilýän pul kömeginiň öňüni almak ygtyýary berildi.

Prezident Sisiniň karary bilen ýurtdaky Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi 3-nji gezek uzadyldy.

Müsüriň Prezidenti Sisi 2017-nji ýylyň 9-njy aprelinde Tanta we İskenderiýe şäherlerinde buthana guralan bombaly hüjümlerden soň ýurduň çar tarapynda Adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan edipdi.

 

 



Degişli Habarlar