Eýranda protest ýörişlerinde ýogalanlaryň sany 10 adama ýetdi

Wakalarda ýogalanlaryň sanynyň 10 adama ýetendigi, 200 adamyň hem saklanandygy habar berildi

879705
Eýranda protest ýörişlerinde ýogalanlaryň sany 10 adama ýetdi

Eýranda ykdysady çökgünlik sebäpli başlan protest ýörişlerinde ýogalanlaryň sany 10 adama ýetdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, penşenbe gününden bäri ýurduň käbir şäherlerinde dowam edýän portest aksiýalarynda ýogalanlaryň sany köpelýär.

Wakalarda ýogalanlaryň sanynyň 10 adama ýetendigi, 200 adamyň hem saklanandygy habar berildi.

Hökümet protest aksiýalaryň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak üçin interneti çäklendirdi.

Işsizleriň sanynyň köplügi we gündelik durmuş şertleriniň agyrlaşýandygy sebäpli penşenbe güni Meşed şäherinde porotest ýörişleri başlapdy.

 



Degişli Habarlar