“Käbir ýurtlaryň alyp barýan işleri beýannamalaryna gabat gelmeýär”

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa käbir ýurtlaryň Siriýadaky äwmezek çemeleşmesiniň şol ýurtlar tarapyndan berilen terrorçylyga garşy göreşe goldaw beýanatlaryna bap gelmeýändigini aýtdy

877982
“Käbir ýurtlaryň alyp barýan işleri beýannamalaryna gabat gelmeýär”

Siriýadaky Amerika harby bazalarynda terrorçylara degişli goşlaryň ele salynmagy barada garaýyş beýan eden Zaharowa: “Käbir günbatar we sebit ýurtlarynyň Siriýadaky äwmezek çemeleşsi olaryň terrora garşy göreş baradaky beýanatlaryna we DAİŞ-i dargadandyklary baradaky beýanatlaryna hiç hili gabat gelmeýär. Edilen işler bilen artykmaç uzyn beýannamalar biri-birine bap gelmeýär” diýdi.

Zaharowa Siriýanyň hökümeti bilen içerki we daşarky oppozisiýanyň degişli bolmagynda ýurtdaky ähli güýçleri Siriýanyň Milli Dialog maslahatyndan ýurdy ýaňadandan dikeltmek üçin peýdalanmaga çagyrdy.

Zaharowa: “Täze terror toparlary döredilmänkä şol maslahatdan peýdalanylmaly. Taraplar maslahata gatnaşyp, Siriýa täzeden dikeltmek üçin elinden geleni etmeli. Bu taryhy pursat we ähli zat siriýalylaryň elinde. Siriýa şol taryhy pursady sypdyrmaly däl” diýdi.

Siriýanyň Milli Dialog maslahatynyň 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 29-30-y aralygynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar