Garaşsyzlyk Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň  Döwlet baştutanlary Moskwada duşuşdy

Putin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň we iş hyzmatdaşlygynyň artandygyna ünsi çekdi

876542
Garaşsyzlyk Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň  Döwlet baştutanlary  Moskwada duşuşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Garaşsyzlyk Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň  Döwlet baştutanlary bilen resmi bolmadyk ýagdaýda paýtagt Moskwada duşuşdy.

Duşuşykda agza ýurtlaryň arasyndaky sosýal-ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Putin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň we iş hyzmatdaşlygynyň artandygyna ünsi çekdi.

Putin “9 aýlyk görkezijilere görä, söwda gatnaşyklarymyz 1/4 esse artdy” diýdi.

Gurama agza ýurtlaryň arasyndaky köp taraply hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň diýseň möhümdigini aýdan Putin “Birlikde ýurtlarymyzyň sosýal-ykdysady galkynyşy bilen durnuklylygymyzyň we howpsyzlygymyzyň güýçlendirilmegi üçin tagalla ederis” diýdi.

 


Etiketkalar: #GDA , #Moskwa , #duşuşyk

Degişli Habarlar