Hytaý garaşsyz Palestina goldaw berdi

“Palestina meselesi esasy meseledir bu mesele çözülmezden Ýakyn Gündogarda parahatçylyk üpjün edilip bilinmez”

874194
Hytaý garaşsyz Palestina goldaw berdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Ýi 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty Gündogar İýerusalim bolan doly garaşsyz we özbaşdak Palestina goldaw berýändiklerini aýtdy.

Daşary işler ministri Wang Ýi paýtagt Pekinde Palestinanyň Döwlet baştutany Mahmud Abbasyň ýörite wekilleri Ahmet Maždalani bilen Nabil Şaat bilen duşuşdy.

Iki döwletli çözgüde goldaw berýändiklerini we bu meselede halkara jemgyýetçilige iş girişmek çagyryşyny beren Wang “Palestina meselesi esasy meseledir bu mesele çözülmezden Ýakyn Gündogarda parahatçylyk üpjün edilip bilinmez” diýdi.

Wang ABŞ-nyň Baş Assambleýasynda ABŞ-nyň abaý-syýasatlaryna garamazdan kabul edilen Iýerusalime goldaw kararynyň şol bir wagtda halkara jemgyýetçiliniň Ýakyn Gündogarda parahatçylyk etabynyň depgininiň güýçlendigilmegi üçin çagyryş manysyny aňladýandygyny ýatlatdy.

Palestinanyň Döwlet baştutany Mahmud Abbasyň ýörite wekilleri Ahmet Maždalani bilen Nabil Şaat hem Hytaýyň Palestinanyň halkyna berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

 



Degişli Habarlar