Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin garaşylmadyk ýagdaýda Müsürde saparda boldy

“Müsürli hyzmatdaşlarymyza Russiýanyň Milli dialog kongresini geçirmegi üçin berýän goldawyna uly minnetdarlyk bildirýäris"

866332
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin garaşylmadyk ýagdaýda Müsürde saparda boldy

 

Müsüriň Prezidenti Abdulfettah Al Sisi bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat beren Putin, Soçide geçirilmegine garaşylýan Milli dialog kongresine siriýaly oppozisionerlerden birnäçe toparyň çagyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini nygtady.

Putin “Müsürli hyzmatdaşlarymyza Russiýanyň Milli dialog kongresini geçirmegi üçin berýän goldawyna uly minnetdarlyk bildirýäris. Kongrese oppozisionerlerde birnäçe toparyň çagyrylmagyny göz öňünde tutýarys” diýdi.

Russiýanyň lideri umuman alnanda Siriýanyň territoriýasynyň dolulygyna diýen ýaly terrorçylardan saplanandygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar