Russiýa Siriýanyň DAİŞ-den saplanandygyny öňe sürdi

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Siriýanyň DAIŞ-den dolulygyna saplanandygyny öňe sürdi

862948
Russiýa Siriýanyň DAİŞ-den saplanandygyny öňe sürdi

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow Siriýanyň DAIŞ-den dolulygyna saplanandygyny öňe sürdi

Gerasimow paýtagt Moskwada beren beýannamasynda Siriýada DAIŞ-iň gözegçiliginde bolan haýsydyr bir ýeriň galmandygyny aýtdy.

Siriýanyň harby goşunynyň guran soňky operasiýalarynyň üstünlikli tamamlanandygyny beýan eden Gerasimow; “Şeýlelikde şu gün (düýn) Siriýa DAIŞ-den dolulygyna saplandy we Siriýada DAIŞ-e degişli ähli güýçler ýok edildi” diýdi.

Gerasimow Yrakda DAIŞ-e garşy alynyp barylýan operasiýalarda ABŞ-na goldaw bermäge taýardyklaryny nygtady.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem düýn beren beýannamasynda Ýefrat derýasynyň gündogarynda we günbatarynda üstünlikli operasiýalaryň guralandygyny beýan edip: “Indi Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň arasynda Soçide ylalaşylan Siriýanyň milli dialog maslahatyna gönükmek gerek” diýipdi.

 



Degişli Habarlar