Abbas ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ierusalim kararyny ykrar etmeýändiklerini  aýtdy

“ABŞ şol karary bilen ähli parahatçylyk tagallalaryny bökdedi we parahatçylyk gepleşiklerindäki rolyny ýitirdi”

862917
Abbas ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ierusalim kararyny ykrar etmeýändiklerini  aýtdy

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ierusalim kararyny ykrar etmeýändiklerini  aýtdy.

Abbas “ABŞ şol karary bilen ähli parahatçylyk tagallalaryny bökdedi we parahatçylyk gepleşiklerindäki rolyny ýitirdi” diýdi

Abbas basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Ramallah şäherindäki Prezident köşgünde metbugata beýanat berdi.

Abbas “Biz bu meýilnamany kabul etmeýäris we berk ýazgarýarys. ABŞ- şol karary bilen ähli parahatçylyk tagallalaryny bökdedi we parahatçylyk gepleşiklerindäki rolyny ýitirdi. Şol karar ABŞ-nyň şol bir wagtda parahatçylyk etabyna goldaw berýän rolyndan hem ýüz öwürendigini görkezýär. Şol karar Ysraýyly halkara jemgyýetçiligine garşy tutumyny, basyp alyjy we etniki arassaçylyk syýasatlaryny höweslendirmek maskady bilen kabul edilen karardyr” diýdi.

Abbas “Amerikan hökümeti halkara şertnamalara we kanunlara garamazdan şeýle karar kabul etmegi saýlap aldy. Amerikan hökümeti dünýä döwletleriniň we halkara jemgyýetçiliginiň görkezen garşylygyny görmezlikden geldi” diýdi.

Abbas Palestina Milli azat edijilik guramasynyň meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin gysga wagtda adatdan daşary ýagdaýda jemlenişjekdigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar