ABŞ-nyň Döwlet sekretary Tillerson Ýewropa ýurtlaryna sapar gurar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň dekabr aýynyň 4-8-i aralygynda käbir Ýewropa ýurtlaryna sapar gurajakdygy habar berildi

859372
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Tillerson Ýewropa ýurtlaryna sapar gurar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Nauert gündelik metbugat ýygnagynda Tillersonyň sapary hakynda maglumat berdi.

Nauert Tillersonyň 4-nji dekabrda Belgiýanyň paýtagty Brýussele barjakdygyny we NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg bilen boljak duşuşygyndan soň dekabr aýynyň 5-6-y aralygynda Brýusselde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşjakdygyny aýtdy.

Tillersonyň 7-nji dekabrda Awstraliýa geçjekdigini aýdan Nauert Döwlet sekretarynyň paýtagt Wenada geçiriljek Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşjakdygyny belledi.

Nauert 8-nji dekabrda bolsa Fransiýa barjak Tillersonyň Parižde Siriýa, Eýran, Liwan, Liwiýa we Demirgazyk Koreýa meselesi barada möhüm gepleşikler geçirjekdigini ýatlatdy.

Bütin dünýä Saglygy goraýyş guramasy ýoksul we ösüp barýan ýurtlarda satylýan dermanlaryň 11 göteriminiň hakyky däldigini habar berdi.

Ysmaz keseli sebäpli çagalaryň esasy böleginiň hakyky däl dermanlary içendigi sebäpli ýogalýandygy nygtaldy.

Birtaniýaly alymlar Bütin dünýä Saglygy goraýyş guramasynyň adyndan geçiren ylmy barlagynda dünýäde 48 müň dermany synagdan geçirdi we 100-den gowrak analizi gözden geçirdi.

Analizlerde  şol dermanlaryň 11 göteriminiň hakyky däldigi we hiliniň gaty pesdigi anyklanyldy.

Hakyky däl dermanlaryň 60 göterimini ysmaz keselini we infeksiýalary bejerýän dermanlar emele getirýär.

Ýoksul ýurtlarda her ýyl ysmaz keseline ýolugan çagalaryň hakyky däl dermanlar sebäpli ýogalýandygy çaklanýar.

Bütin dünýä Saglygy goraýyş guramasy 2013-nji ýylda hakyky däl we hili pes dermanlaryň anyklanylmagy üçin işe girişipdi.

Gurama dünýäde hakyky däl dermanlar üçin ýylda 30 milliard dollaryň sarp edilýändigini öňe sürýär.

 

 

 



Degişli Habarlar