Hytaýda gämi pajygasy başdan geçirildi

Wakada 12 adam dereksiz ýitdi

856121
Hytaýda gämi pajygasy başdan geçirildi

Hytaýda bir gäminiň batmagy netijesinde gäminiň ekipažynyň 14-si halas edilen hem bolsa, 12 adam dereksiz ýitdi.

Şinhua agentliginiň berýän habaryna görä ýurdyň günortasyndaky Guangdong welaýatynyň Guangju şäheriniň golaýyndaky derýada biri demir beýlekisi bolsa gum daşaýan 2 gämi çakyşdy.

Hadysada gum daşaýan ýük gämisi batdy.

Guangdong welaýatynyň resmileri gözleg we halas ediş işleriniň çäginde sebite dikuçar we köp sanda gaýyk iberdiler.

Wakanyň näme sebäpli bolandygy derňelýär.


Etiketkalar: #Hytaý , #gämi , #pajyga , #gum , #demir , #batmak

Degişli Habarlar