Ýiten suwasty gäminiň tapylmagy üçin Russiýa hem goldaw berer

Argentinada eýýäm 8 gün bäri tapylmaýan suwasty gäminiň tapylmagy üçin Russiýa hem goldaw berer

853420
Ýiten suwasty gäminiň tapylmagy üçin Russiýa hem goldaw berer

Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putin Argentinanyň Prezidenti Maurisio Makri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy we ýiten suwasty gäminiň tapylmagy üçin goldaw teklip etdi.

Russiýa sebite 1 sany gözleg gämisini we hünärmenlerden ybarat topar iberer.

44 ekipažy bolan suwasty gäminiň tapylmagy üçin aralarynda ABŞ we Britaniýa hem bolan 10-dan gowrak ýurt gatnaşýar.

Beýleki tarapdan Argentinanyň harby flotynyň metbugat geňeşçisi Enrike Balbi gözleg işleriniň tankydy etabyna gelinendigini, suwasty gämidäki kislorodyň gutaryp gelýändigini belledi.

Suwasty gämide partlama bolandygy baradaky öňe sürmeleriň üstünde durup geçen Balbi suwasty gäminiň ýitmeginden birnäçe sagat soň sebitde uly bir partlamanyň bolandygy baradaky habarlaryň derňelýändigini habar berdi.

Argentinanyň goşunyna degişli ASA San Huan atly suwasty gämi 15-nji noýabrda ýitipdi.



Degişli Habarlar