“Ýemende günde 130 çaga ýogalýar”

Guramanyň beýanatyna görä, ýurtda her gün azyndan 130 çaga açlyk ýagda hassalyk sebäpli ýogalýar

849147
“Ýemende günde 130 çaga ýogalýar”

Halkara “Çagalary goralyň” atly ýardam guramasy Ýemende iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän içerki uruş hakynda beýanat berdi.

Guramanyň beýanatyna görä, ýurtda her gün azyndan 130 çaga açlyk ýagda hassalyk sebäpli ýogalýar.

Gurama üstümizdäki ýyl 50 müňden gowrak çaganyň ýogalandygyna ünsi çekýär.

Iň garyp arap ýurdy bolan Ýemende Eýranyň goldaw bermegindäki Husiler bilen Saud Arabystany tarapyndan goldanýan hyzmatdaş güýçleriniň arasynda 2014-nji ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklarda 10 müňden gowrak adam ýogaldy.

Çaknyşyklar sebäpli 3 million adam hem öýlerini terk etmeli boldy.

 


Etiketkalar: #Ýemen , #çaga , #açlyk , #ýogalmak

Degişli Habarlar