Daniýa Yrakdaky esgerleriniň sanyny artdyrar

Daniýanyň hökümedi Yrakda bar bolan esgerlere goşmaça ýene-de esger ibermek barada karar kabul etdi

847350
Daniýa Yrakdaky esgerleriniň sanyny artdyrar

Hökümet tarapyndan berilen beýanatda Yraga 30 esger bilen 12 lukmanyň iberilmegi barada karar kabul edilendigi mälim edildi.

Daniýanyň Yrakda mundan ozal bolsa 150 esgeri bardy.

Daniýaly esgerleriň Yragyň goşunyna tälim berjekdigi, lukmanlaryň bolsa Al-Asad bazasynda iş alyp barjakdygy habar berildi.


Etiketkalar: #Daniýa , #esger , #artdyrmak , #Yrak

Degişli Habarlar