Yrakda 7,2 bala barabar ýer titremesi boldy

Ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä Süleýmaniýe şäherinde 6 adam, Eýranda bolsa 155 adamyň ýogalandygy, 1500 adamyň ýaralanandygy habar berildi

845957
Yrakda 7,2 bala barabar ýer titremesi boldy
Irak Deprem.jpg
Irak Deprem 1.jpg
Irak Deprem 2.jpg

ABŞ-nyň Geologik barlaglar Edarasy Yragyň Eýran serhediniň golaýyndaky Halapça şäheriniň 32 kilometr günorta-günbatarynda 7,2 bala barabar ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.

Süleýmaniýäniň Darbendihan etrabynyň häkimi Hasih Mela Hasan etrapda 4 adamyň ýogalandygyny aýtdy.

Kelar etrap Saglygy saklaýyş müdirligi bolsa 2 adamyň ýogalandygyny beýan etdi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Süleýmaniýe welaýat Saglygy saklaýyş müdiri Mirhan Muhammed ýer titremesinde Debendihan etrabynda ilkinji kesgitlemelere görä 50 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Eýranda 155 adam ýogaldy, 1500 adam ýaralandy.

“Tesnim” habarlar gullugyna beýannama beren Eýranyň Mejlisiniň halk deputaty Farhad Tejri gije bolan ýer titremesinden soň Kasy Şirin, Serpulzihab we Salas Babajanide 155 adamyň pida bolandygyny, 1500-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Eýranyň döwlet teleýaýlymyna beýannama beren Kermanşah welaýatynyň häkiminiň orunbasary Muzteba Niýkkerdar bolsa harabalyklaryň aşagynda köp sanly adamyň bardygyny mälim etdi.

Kermanşah welaýat häkimliginden berilen beýannamada ýer titremesi sebäpli welaýatda 3 gün ýas yglan edilendigi habar berildi.

Ýer titremesi Türkiýede we Azerbaýjanda hem duýuldy.

Diýarbakyr, Batman, Mardin, Şyrnak, Hakkari, Wan we Muş welaýatlarynda sarsygyny duýan raýatlar öýlerinden daşary çykdylar.

Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Seismologik hyzmatlar merkezinden berilen beýannamada bolsa ýer titremesiniň Eýran serhedindäki etraplarda we Nahiçewan Awtonomiýasynda duýulandygy habar berildi.

Beýleki tarapdan Diýarbakyr welaýatyndan 30 adamdan ybarat topar Yraga gitdi.

Yragyň Halapça şäheriniň golaýynda bolan ýer titremesinden soň Diýarbakyr şäherinden 30 adamlyk gözleg we halas ediş topary sebite ugradyldy.

Diýarbakyr Welaýat Tebigy apatlar we Adatdan daşary ýagdaýlar müdirliginiň 30 işgärinden ybarat bolan 5 ulagly gözleg we halas ediş topary Habur serhet geçelgesine tarap ýola düşdi.

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň we Tebigy apatlar we Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň işgärleri ýer titremesinden soň işe girişdiler.

Muş welaýatynyň Has etrabyndaky ammarlardan ulaglara ýüklenen müň çadyr ýer titremesiniň bolan ýerine ugradyldy.

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrligi hem taýarlyklaryny tamamlady.

Ministrlikden berilen beýannamada Baş ştabdan Habur gümrük geçelgesine gelmegi ähtmal hassalaryň we ýaralylaryň getirilmegi üçin “Skorski” kysymly dik uçar talap edilendigi nygtalýar.

Saglygy goraýyş ministrligi sebitdäki welaýatdaky hassahanalara tiz kömek ulaglarynyň, gyssagly saglyk enjamlarynyň taýarlanmagy üçin görkezme berilendigi we görkezmäniň berjaý edilip, degişli kömegiň Bagdada ugratmak üçin taýarlanandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar