Russiýanyň paýtagty Moskwada ýangyn boldy

Hadysada 3 adam ýogaldy

844442
Russiýanyň paýtagty Moskwada ýangyn boldy

Russiýanyň paýtagty Moskwada Daşary ýurt razwedka gullugyna degişli binada ýüze çykan ýangynda 3 adam ýogaldy.

Russiýanyň TASS habarlar agentligi Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň resmilerine esaslanyp berýän habaryna görä düýn agşam Daşary ýurt razwedka gullugyna degişli binada ýüze çykan ýangyn söndürildi.

Habarda şol wagt binada işleýän 7 adamyň halas edilendigi, emma 3 adamyň halas edilip ýetişilmändigi habar berildi.

Ýangyn bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar