Pakistanda bolan awtobus heläkçiliginde 24 adam ýogaldy

Pakistanda bolan awtobus heläkçiliginde 24 adam ýogaldy, 50 adam ýaralandy

844229
Pakistanda bolan awtobus heläkçiliginde 24 adam ýogaldy

Penjap welaýatynyň Çakwal etrabynda 80 adamlyk awtobus heläkçilige uçrady.

Teblig jemagatynyň ýyllyk maslahatyna gatnaşmak üçin Lahor şäherine tarap ýola çykan awtobusyň heläkçilige uçramagy sebäpli 24 adam ýogaldy.

Heläkçilikde agyr ýaralanan 12 adam Rawalpindide bejergi astyna alyndy.

 



Degişli Habarlar