Gresiýada 78 ýaşyndaky ozalky Goranmak ministri 19 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Gresiýada ozalky Goranmak we Galkynyş ministri Akis Çohakopulos haram puly aklandygy we para alandygy sebäpli 19 ýyl azatlykdan mahrum edildi

838288
Gresiýada 78 ýaşyndaky ozalky Goranmak ministri 19 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Çohakopulos mundan başgada 3 ýylyň dowamynda jemgyýetçilik we syýasy hukuklaryndan mahrum edildi.

1996-2001-nji ýyllaryň aralygynda Gresiýanyň ilki Goranmak, 2001-20014-nji ýyllaryň aralygynda bolsa Galkynyş ministri wezipesini ýerine ýetiren Çohakopulosyň Germaniýadan deňizasty gämileriň we Rus roketalarynyň alynmagy hakyndaky şertnamadan para alandygy we haram puly aklandygy sebäpli kaziýet işi gozgalypdy.

3 ýyl dowam eden kaziýet işiniň netijesinde Çohakopulosyň aýaly Wiki Stamati we gyzy Areti Çohakopulos bilen birlikde ýene-de 16 adam azatlykdan mahrum edildi.

78 ýaşyndaky ozalky ministr 19 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

 



Degişli Habarlar